top of page

ÖZÜMIZ BARADA

“Altyn ýoda” hususy kärhanasy 2011-nji ýylyň 26-njy awgustynda bellige alyndy.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy -  Begençmuhammet Akgaýew. Direktoryň wezipesini Döwran Melejäýew eýeleýär.

“Altyn ýoda” kompaniýasynyň esaslandyrylan pursatyndan başlap Türkmenistanyň ähli sebitlerinde onuň bölümleri açyldy. Biz GDA, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklaýarys. “Olýa” (Russiýa), “Poti’ (Gruziýa), “Baku” (Azerbaýjan), “Ambarly” we “Mersin” (Türkiýe), “Ýokohama” (Ýaponiýa), “Huanpu” we “Şeku” (Hytaý), “Türkmenbaşy” (Türkmenistan) ýaly iri portlarda wekillerimiziň bolmagy bize ýükleriň hilini ýitirmezden gyssagly daşalmagyny Size teklip etmäge mümkinçilik berýär.

“Altyn ýoda” kompaniýasy şu aşakdaky iş görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça ygtyýarnamalary aldy:

 

  • Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda awtomobil ulagynda ýük çekmek (howply ýüklerden başga). Awtomobil ulagynda ulag-ekspedisiýa hyzmatlary amala aşyrmak.

 

  • Diňe deňiz we derýa ulaglarynyň agentlik we üpjünçilik hyzmatlary, portlarda gämilere hyzmat etmek işleri. Diňe halkara deňiz gatnawlary boýunça ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak üçin ähli görnüşli gämileriň dellalçylyk işleri; deňiz we derýa portlarynyň çäklerinde we suw giňişliginde ýolagçylaryň we ýükleriň hyzmaty. Diňe deňiz we derýa ulaglaryna ýükleri ýüklemek we düşürmek işleri.

 

  • Aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça iş, gümrük dellalynyň işi.

  • Düzümide howply maddalary we partlama – ýangyn howply önümleri saklaýan önümleri, awtomobil ulagy bilen daşamakda senagat howpsuzlygy boýunça işler (asetilen eredilen, propan, dykyz etan, dykyz wodorod, uglerodyň ikili okisi, dykyz kislorod, metan suwaldylan, dykyz azot, azot suwaldylan, butan, uglerodyň okisi, aseton, benzol, etil efiri, tret-butil efiri, ksilol, ACTRENE, izopropil spirti, etil spirti, TEAL (trietilalýiminiý) fenol, hloroform, maleinli angidrid, CONSISTA, NALCO, EC3199A) awtomobil ulagy bilen daşamak işleri

 

Biz ýük daşamalary we ekspeditorçylygy bazaryna işjeň gatnaşýarys, şeýle hem awtoýol, demir ýol, deňiz we howa ulaglary arkaly ýükleriň daşalmagyny goşmak bilen logistika pudagynda hyzmatlaryň doly toplumyny üpjün edýäris.

 

Mundan başga-da, gurluşyk işini amala alyp barmak mümkinçiligi “Altyn ýoda” kompaniýasyna taslama ýollarynyň we gabar ölçegine laýyk gelmeýän ýükleriň ýollarynyň barýan tutuş ugrunda öwrümli geçýän ýollaryň gurluşygyny özbaşdak amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.   Gämileriň tehniki hyzmatlaryny we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça hyzmatlar “Altyn ýoda” kompaniýasynyň ykdysady işinde aýratyn orny eýeleýär. Işgärlere okuwlaryň geçirilmegi we sertifikatlaryň berilmegi netijesinde biz gämi mehanizmleriniň, şol sanda hereketlendirijileriň tehniki hyzmatlarynyň şu aşakdaky üç sany usullaryny teklip edip bilýäris:   .

 

  • Işlemegini bes edýänçä gyssagly tehniki hyzmat ediş;

  • Öňüni alyş işleri - öňüni alyş ýa-da meýilnamalaýyn hyzmat ediş;

  • Anyklaýyş hyzmatlary - zerurlyga görä hyzmat ediş.

 

Biziň işgärlerimiz - ýokary derejeli hünärmenleriň agzybir toparyndan ybarat bolup, olar öňde goýlan wezipeleriň hil taýdan   tizlik bilen hötdesinden gelýärler. Olaryň gündelik ylalaşykly we sazlaşykly işi netijesinde bize kompaniýanyň häzirki derejesini ýokary derejede saklamak başardýar. Ähli işgärlerimiz üçin elýeter bolan ýörite okuw meýilnamasy hereket edýär, ol işgärleriň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi bize wagt bilen egindeş ýöremäge, hyzmatlarymyzyň bukjasyny giňeltmäge we olaryň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

“Altyn ýoda” kompaniýasy öz ulag ulgamyny giňeltmek üçin yzygiderli işleýär. Hyzmatlarymyza bahalaryň elýeter bolmagy müşderilerimiz öz wagtyny we puluny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelik-de, öňden gelýän däp-dessurlary innowasiýa tehnologiýalary bilen utgaşdyrmak arkaly biz has gowy netijeleri gazanýarys.

bottom of page