LIEBHERR
Taslama: «Türkmenbaşyda täzehalkara deňiz portunyň gurluşygy»
“Altyn ýoda” kompaniýasy Ýewropadan Türkmenistanda port göçme kranlaryny we ýük göteriji enjamlary daşamak boýunça “Liebherr Werk Nenzing GmbH” kompaniýasynyň ygtyýarly Ekspeditory hökmünde bellendi we bu abraýly ada mynasyp boldy. “Liebherr” dünýäde gurluşyk tehnikasyny iň iri öndürijileriň birisi bolmak bilen, şu taslama üçin 42 sany tehnika birligini taýýarlady.
2016-njy ýylyň sentýabrynda “Altyn ýoda” HK Wolga-Don kanalynyň üstünden Rostokdan (Germaniýa) Türkmenbaşy portuna çenli 2 sany LHM280 kranlary üstünlikli getirdi. Getirilen kranlaryň göwrümi/agramy 4068 FT barabardyr.
2016-njy ýylyň oktýabrynda “Altyn ýoda” HK Sanderlenden (Beýik Britaniýa) Rostowyň (Russiýa) üstünden Türkmenbaşy portuna çenli ýygnalan görnüşde 6 sany LRS545 Rihştakerleriň deňizden daşalmagyny amala aşyrdy. Getirilen Rihstakerleriň göwrümi/agramy 2187 FT barabardyr.
Biziň kompaniýamyz doly hyzmatlar toplumyny ýerine ýetirdi:
-
Gözegçilik/Ýüki düşürmek barada hasabat
-
Taslama ýüklerini, şol sanda agyr agramly we gabara ölçegine laýyk gelmeýän ýükleri deňiz üstünden daşamalar
-
Russiýada üstaşyr gümrük resmilikleri ýerli we halkara kadalaryna, düzgünlerine laýyklykda doly göwrümde işlenip geçilýär.
-
Resminamalary işlemek
Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project |
---|---|---|---|---|
Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project |
Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project |
Liebherr Project | Liebherr Project | Liebherr Project |