top of page

Hyundai, Konteýner daşamalary

“Altyn ýoda” HK 2014-nji ýyldan bäri “SJ Logistics” we “General Logistics”  bilen bilelikde öz müşderisi “Hyundai Engineering Corporation” üçin konteýnerleri getirmek boýunça iri taslamany amala aşyrýar, “Hyundai Engineering Corporation” kompaniýasy Gyýanlydaky (Türkmenistan) häzirki zaman gaz-himiki polietilen we polipropilen zawodynyň gurluşygy boýunça esasy potratçylaryň birisidir.

2016-njy ýylyň sentýabrda ýagdaýynada görä, 3500-den gowrak konteýnerler getirildi.

«Hyundai Engineering Co.Ltd» Türmenbaşynyň Dostluk etrabynda Krekerleri, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça zawody taslamalaşdyrmak, enjamlaryny üpjün etmek we doly taýýar görnüşde gurluşygyny ýerine ýetirmek barada “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we “HYUNDAI ENGINEERING CO., LTD”, “LG INTERNATIONAL CORP” we “TOYO ENGINEERING CORP” kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsiumyň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde işleri ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda Gyýanly obasynda gurulýan gaz-himiýa toplumy ýylda tebigy gazyň bäş milliard kubometrini gaýtadan işlemek hem-de 386 000 tonna polietileni we 81 000 tonna polipropileni öndürmek üçin niýetlenendir. Bu taslama “TOYO Engineering”  kompaniýasynyň (Ýaponiýa) we   “ LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd”  kompaniýalarynda ybarat bolan konsorsiumynyň (Koreýa Respublikasy) bilelikde gatnaşmagyna amala aşyrylýar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,432 mlrd dollaryna barabardyr.

bottom of page