top of page

MTS-15 terminal krany

Diňe “az ýörelen ýodalardan” baryp bolýan ýerlerde işleri alyp barmak agyr ýükleri daşamak üçin köpsanly meseleleri döredýär, “Altyn Ýoda” HK şeýle kynçylyklary ýeňip geçmegi başarýar. MTS-15 tehnikasyny tanyşdyrmak bilen, biz agyr ýükleri daşamak üçin has ýeňil ýollary açmaga ukyply bolan agyr ýük göteriji enjamy deňi-taýy bolmadyk mysal hökmünde Size görkezýäris.   600 tonna iň ýokary ýük göterijiliginden başga-da, ol diňe 1250-tonnalyk zynjyrly kran bilen bäsleşip biljek 15000 tonna-metr iň ýokary ýük pursatyna eýedir.  Bazarda hiç bir başga ýük göteriji tehnikasy şular ýaly ýük göterijilik mümkinçiligine eýe bolan MTS-15 kranyň häsiýetnamalary bilen deňeşdirmäge mynasyp däldir. Mundan başga-da, ol  dört sany 22-tonnalyk lebýodkalaryň kömegi bilen 1,6 m/min galdyrma tizliginde göteriji goluň (okuň)   tiz ýokary galmagyny we süýşmegini üpjün edýär.

“Altyn Ýokda” HK bilen bilelikde işler ýokary hil we howpsuzlyk derejesini kepillendirýär.  Müşderiler bilen olaryň logistiki gatnaşyklaryny gowulandyrmak boýunça işlerde, şeýle hem olaryň ygtyýaryna hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin enjamlar we ýokary derejeli hünärmenler berlende “Altyn Ýoda” HK howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri peseltmäge ýardam edýär. Şu günki günde biziň eýe bolan baý tejribämiz her bir taslama meýilleşdirilende, taýýarlananda we ýerine ýetirilende zyňyndylary kemeltmäge,   energiýany tygşytly ulanmaga we howpsuzlyk tehnikasy boýunça töwekgelçilikleri has başarnykly dolandyrmaga ýardam edýär.     MTS 15 krany materiallary az mukdarda  ulanmagyň we meýdançada hereketleri azaltmagyň netijesinde daşky gurşawa ýaramaz täsirleri peseltmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ballast hökmünde çägäniň we suwuň ulanmagy hem tebigaty goramak boýunça alnyp barýan  işleri gowulandyrmaga ýardam edýär.

“Altyn ýoda” HK-niň tehniki serişdelerine we enjamlaryna hyzmat edýän ähli işgärler iň ýokary halkara howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýärler hem-de iň ýokary howpsuzlygy we netijeliligi üpjün etmek üçin talap edilýän okuw meýilnamasyny geçýärler. MTS 15 kranynda öwrülme burçunyň sensorlary, göteriji goluň (okuň) çäklendiriji mehanizmleri, ballasty görkeziş ulgamy ýaly standart dolandyryş ulgamlary gurnalandyr, olaryň ählisi bilelikde howpsuzlygy üpjün edýärler, meseleleriň ýüze çykandygy barada operatory duýdurýarlar we howpsuzlyk çäklerinden geçilende işi awtomatiki tertipde duruzýarlar.

bottom of page