Ammar şertlerinde ýerleşdirmek
Biz Türkmenistanyň çäginde ammarda ýerleşdirmek hyzmatlaryny teklip edýäris
GOŞMAÇA HYZMATLAR
Halkara ýük daşamalary
Biz üpjün ediş gatnaşyklaryny dolandyrmak boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny, şol sanda ykdysady taýdan netijeli we çalt deňiz frahtyny (ýük daşamalaryny) teklip edýäris.
Agyr/ gabara ölçegine laýyk gelmeýän ýükleriň daşamalary
Ölçegden uly ýükleriň daşamalary diýseň oýlanyşykly taýýarlanan meýilnama laýyklykda aýratyn esewanlyk bilen we öz möhletinde amala aşyrylýar
Gümrük dellaly
Biziň gümrük dellaly hyzmatlarymyz ähli howa, ýerüsti we deňiz ýük daşamalarymyz boýunça ýükleriň üznüksiz daşalmagyny üpjün edýärler.
Gämi agentçiligi
Biz gämi (deňiz) agentçiligi boýunça giň çygyrda hyzmatlary teklip edýäris
Stiwidor işleri (gämide ýüki ýüklemek we düşürmek işleri)
“Altyn Ýoda” kompaniýasy gämileriň porta girmegine, ýük amallaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýär, bunkerleriň doldurylmagyny, stiwidor we barlag işleriniň ýerine ýetirilmegini dolandyrýar
Ammarda ýerleşdirmek we saklamak
Biziň intellektual çözgütlerimiz we häzirki zaman ammarlarymyz harytlary saklamak üçin Siziň çykdajylaryňyzy kemeltmäge ýardam ederler
Tirkege almak
Biz müşderilerimiz üçin deňizde gämileri tirkege almak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýäris
Umumy maksatly ýükleriň daşamalary
“Altyn Yoda” kompaniýasy umumy maksatly we gapgarylan (gapsyz) ýükler daşalanda toplumlaýyn işlenmegini we takyklyk bilen gözegçiligini ýola goýýar
TASLAMALAR
ÖZÜMIZ BARADA
“Altyn ýoda” kompaniýasynyň işgärler köpçüliginiň üstünliginiň esasyny ulag-ekspeditorlyk işlerinde we gümrük dolandyryş pudagynda tejribeli hünärmenleri düzýär. Köp ýyllyk iş tejribesine eýe bolmak bilen biz iň gysga möhletlerde we ygtybarly netijeliligi bilen ýokary hilli hyzmatlary üpjün edýäris.
“Altyn ýoda” kompaniýasynyň dürli pudaklarda ýörite bilermenler topary bolup, olaryň ähli tagallalary müşderileriň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Logistiki gatnaşyklardan başga-da, kompaniýamyzyň güýçli taraplaryna Taslama Menejmenti degişlidir.
“Altyn ýoda” kompaniýasy “Hil çygrynda öňdebaryjylygy üçin Halkara ýyldyzy” baýragyna mynasyp bolup, onuň tanyşdyryş dabarasy 2015-nji ýylyň 28-nji iýunynda Pariž şäherinde geçirildi. Bu çözgüt Quality Hunters topary tarapyndan geçirilen barlaglaryň we derňewleriň netijesinde (ýolbaşçylaryň, telekeçileriň we hünärmenleriň hil derejesi) “Directions in Leadership, Quality and Excellence” işewürlik başlangyjynyň çäginde kabul edildi.
“Altyn ýoda” kompaniýasyna "International Star for Leadership in Quality" (“Hil çygrynda öňdebaryjylygy üçin Halkara ýyldyzy” baýragyny gowşurmak barada gutarnykly çözgüt baha beriji komitet tarapyndan QC100 modeliniň ölçegleriniň esasynda ýerine ýetirildi. Hili umumy dolandyrmak, “Quality Mix” hil maksatnamasy bilen bilelikde hili dolandyryş köpugurly modeli kompaniýanyň eýeleýän öňdebaryjy ornuny has-da berkidýär.
3 ýyla barabar gysga wagtyň içinde ýokary öndürijilik görkezijileri netijesinde “Altyn ýoda” Türkmenistanyň iň bir tiz ösýän ulag-ekspeditorlyk kompaniýalarynyň birisine öwrüldi.
HABARLAŞMAK ÜÇIN SALGYLAR
Biziň bilen baglaşmagyňyzy soraýarys
islendik ýüztutmalar, soraglar ýa-da maslahatlar üçin +99312 477872 belgisine jaň ediň ýa-da şu aşakdaky görnüşi dolduryň
Baş ofis
“Paýtagt” Işewürlik merkezi, 7-nji gat
10 ýyl Abadançylyk köç., 60-njy jaý
Aşgabat, Türkmenistan
Tel: +99312 477872
Tel: +99312 477423
Elektron poçta:office@altynyoda.com
Işe ýerleşdirmek
Biziň kompaniýamyza işe ýerleşmäge arza bermek üçin, öz maglumatyňyzy we ýanyna goşulan gysgaça haty office@altynyoda.com elektron poçtasyna iberiň
Boş iş orunlary barada sorap bilersiňiz:
+99312 477872